Mazmuna geçiň

Konfederasiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Konfederasiýa —Döwlet gurluşynyň bir görnüşidir.

Geçmişde käbir döwletlerde (Şweýsariýada, ABŞ-da, Germaniýada) döwlet gurluşynyň “konfederasiýa” diýen formasy hem bolupdy. Häzirki döwürde Şweýsariýanyň we Kanadanyň resmi adynda “konfederasiýa” adalgasy bar hem bolsa, olaryň gurluşy konfederatiw däldir.

Konfederasiýa latynça bileleşik diýmekligi aňladýar. Konfederasiýa garaşsyz döwletleriň bileleşigidir. Oňa girýän döwletler, bölekler diňe käbir meseleleri (meselem, goranmak, pul ulgamy we ş.m.) merkezi hökümete berip, galan meseleleri özleri çözýärler. Olar ylalaşykly syýasat alyp barmak üçin merkez bilen habarlaşykly hereket edýärler. Bir ýa-da birnäçe ýöriteleşdirilen edaralary we wezipeleri döredýärler. Karar özara ylalaşyk netijesinde kabul edilýär. Ol diňe döwletleriň merkezi häkimiýetleri tarapyndan tassyklanandan soň güýje girýär. Bitewi salgyt we hukuk ulgamy bolmaýar. Taraplaryň islegi bilen konfederasiýadan çykyp bolýar. Soňky wagtlarda döredilen Ýewropa Bileleşiginde konfederasiýanyň alamatlary bar.

Daşarky çykgyt

[düzet | çeşmäni düzet]