Ispaniýa
Ispaniýa (isp. España), resmi ady — Ispaniýa Korollygy (isp. we gal. Reino de España, kat. Regne d'Espanya, bask. Espainiako Erresuma, oks. Reialme d'Espanha, ast. Reinu d'España) — Ýewropanyň günorta-günbatarynda döwlet. Pireneý ýarymadasynyň agramly bölegini eýeleýär. Ýurduň ady "i-şpanim" — "towşanlaryň kenary" diýen finikiýa aňlatmasyndan gelip çykýar.
Serhetdeş ýurtlary:
- Portugaliýa — Pireneý ýarymadasynyň günbatarynda;
- Gibraltar britan häkimiýeti — Iberiýa ýarymadasynyň günortasy;
- Marokko - demirgazyk Afrikada (Seuta we Melilýa anklawlary);
- Fransiýa we Andorra — demirgazykda.
Ispaniýanyň kenarlaryny demirgazykda we günbatarda Atlantik okean, şeýle hem günortada we gündogarda Ortaýer deňzi ýuwýar.
Doly ady: (Reino de España).
Meýdany: 504,030 kw. km.
Ilaty: 46,505,963 adam (Iýul 2010 ý.)
Hökümet baştutanlary: Huan Karlos I (Patyşa), Hose Luis Rodrigo Zapatero (premýer-ministr)
Milli baýram: 12-nji oktýabr – Ispan milletiniň güni
Pul birligi: Ýewro
Iň belent nokady: Teýde wulkany (3718 m)
Agalyk ediji dini: katolisizm
Tebigy baýlyklary
[düzet | çeşmäni düzet]Ispaniýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, Ýewropanyň çet günorta-günbataryndaky ýerleşýän döwletdir. Ol Pireneý ýarym adasynyň 5/6 bölegini, Ortaýer deňzindäki Balear we Pitius adalaryny, Atlantik okeanynda Kanar adalaryny tutýar.
Meýdany 504,030 kw. km. Tutýan meýdany boýunça Dünýäde 51-nji, Ýewropada bolsa dördünji ýerde durýar. (Rossiýa, Ukraina we Fransiýadan soňra).
Ilaty 46,5 mln. adam (2010). Ispaniýa Ortaýer deňziniň, Atlantik okeanynyň we Biskaý aýlagynyň aralygynda ýerleşip, gündogarda Fransiýa, Andorra, günbatarda Portugaliýa bilen araçäkleşýär. Paýtagty – Madrid şäheri. Ispaniýa administratiw taýdan 50 welaýata (47-si ýarym adada) bölünip, 17 sany awtonom oblasta birleşýär. Ispaniýanyň Afrikadaky awtonom şäherleri Seuta we Melilýadyr. Şeýle hem Afrikada Welesde-la-Gomera, Alusemas we Çafarinas adalary bar.
Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde on ikinji orny eýeleýär. Ispaniýa BMG-niň, ÝB-niň, NATO-nyň, YÖHG-niň (Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy) we BSG-niň (Bütindünýä Söwda Guramasy) agzasydyr.
Ispaniýa konstitusion monarhiýa döwleti bolmak bilen, Huan Karlos I 1975-nji ýylyň 22-nji noýabryndan bäri Ispaniýanyň patyşasydyr.
- Katoloniýa
- Walensiýa
- Nawarra
- Araganin
- Kardowa
- Sewilýa
- Granada
Wikimedia Commonsda Ispaniýa bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |
Ýewropanyň ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Albaniýa · Andorra · Awstriýa · Azerbaýjan1 · Belgiýa · Belorussiýa · Beýik Britaniýa · Bolgariýa · Bosniýa we Gersegowina · Çehiýa · Çernogoriýa · Daniýa · Ermenistan1 · Estoniýa · Finlýandiýa · Fransiýa · Gazagystan1 · Germaniýa · Gresiýa · Gruziýa1 · Horwatiýa · Irlandiýa · Islandiýa · Ispaniýa · Italiýa · Kipr1 · Latwiýa · Lihtenşteýn · Litwa · Lýuksemburg · Makedoniýa · Malta · Moldawiýa · Monako · Niderlandiýa · Norwegiýa · Polşa · Portugaliýa · Rumyniýa · Russiýa1 · San-Marino · Serbiýa · Slowakiýa · Sloweniýa · Şwesiýa · Şweýsariýa · Türkiýe1 · Ukraina · Watikan · Wengriýa | |
Garaşly territoriýalar | Akrotiri we Dekeliýa · Aland adalary · Farer adalary · Gernsi · Gibraltar · Jersi · Men adasy · Şpisbergen · Ýan-Maýen | |
1 Aziýada hem ýerleşýär; |
- ↑ "Anuario estadístico de España 2006. 1ª parte: entorno físico y medio ambiente" (PDF). Instituto Nacional de Estadística (Spain). Retrieved 5 June 2014.
- ↑ "Population Figures at 1 July 2014" (PDF). Instituto Nacional de Estadística (INE). Retrieved 10 December 2014.
- ↑ "Censos de Población y Viviendas de 2011" (PDF) (in Spanish). Instituto Nacional de Estadística (INE).
- ↑ 4.0 4.1 4.2 4.3 "Spain". International Monetary Fund. Retrieved 1 November 2014.