Litecoin
Litecoin (Ł) – bu Bitcoin forky bolup, meňzeş atly kripto pul birligini ulanýan piring elektron töleg ulgamydyr. Ulgamyň işlemegini hem-de onuň goragyny üpjün etmek üçin kriptografik usullar ulanylýar.[1][2]
Litecoin alyş-çalyş ýerlerinde Bitcoin-a ýa-da hemmeler tarapyndan kabul edilen pula çalyşmak üçin, şeýle hem olary kabul etmäge taýýar bolan satyjylaryň harytlaryna ýa-da hyzmatlaryna elektron usul arkaly töleg geçirmek üçin hem ulanylyp bilner.
Bitkoýnlaryň we laýtkoýnlaryň arasyndaky tapawut
[düzet | çeşmäni düzet]Litecoin Namecoin-dan soň ikinji Bitcoin forky bolup durýar hem-de ondan sähelçe tapawutlanýandyr:
- Bitkoýnyň blokçeýninde täze blok her 10 minutdan peýda bolýar, laýtkoýnyň torunda bolsa bu ýagdaý bary-ýogy 2,5 minut wagty alýandyr. Şonuň üçin litecoin torundaky tranzaksiýalar 4 esse çaltlyk bilen geçýär we olaryň bahasy bitkoýnyňkydan 3-5 esse arzandyr.
- Laýtkoýnlaryň maýningi gazanylan şaýy pullaryň jemi sany 84 mln. ýeten mahalynda togtar. Bitkoýnlaryň ahyrky sany 4 esse azdyr – 21 mln.[3]
- Eger-de bitkoýn SHA-256-da işleýän bolsa, onda laýtkon FreeBSD howpsuzlyk ofiseri Kolin Persiwal tarapyndan işlenip taýýarlanylan scrypt ulanýar. Scrypt funksiýasy maýningi aňsatlaşdyrýar.[4][5]
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Litecoin açyk başlangyç kody GitHub-da ýerleşýän kliýent arkaly 2011-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda çykaryldy.
2013-nji ýylyň noýabrynda Litecoin 1 milliard dollara barabar bolan bazar kapitallaşdyrmasyna ýetdi.[6]
2014-nji ýylyň başynda Litecoin işläp taýýarlaýjylar topary Android goşmaçasynyň alfa görnüşini çykardy.
2017-nji ýylyň maýynda Litecoin programma üpjünçiliginde SegWit goldawy işjeňleşdirildi.[7]
2017-nji ýylyň sentýabrynda ilkinji atom tranzaksiýalary geçirilipdi. 4 günüň içinde Litecoin we Decred, Litecoin we Vertcoin, Litecoin we Bitcoin arasynda tranzaksiýalar geçirildi.
2021-nji ýylyň awgustynda Litecoin kapitallaşdyrmasy 12,2 milliard dollardan ybarat boldy.[8]
Amallaryň geçiriliş tizligi
[düzet | çeşmäni düzet]Litecoin hasaplap çykarmanyň kynlygy, ortaça bir blok 2,5 minut emele getiriljek şekilde saýlanylýar, bu bolsa Bitcoin-dan 4 esse çaltrak, bu amallaryň geçirilişiniň tassyklanmasyny çaltrak almaga mümkinçilik berýär.[9][10] Amallaryň geçirilişiniň tizligi litecoin-yň torunda SegWit işjeňleşdirilmeginden soň ýokarlandy. Amallaryň geçirilişi adatda bolşy ýaly 6 blokdan, ýa-da 15 minut danъ soň tamamlanan diýilip hasaplanýar.[11]
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Bitcoin P2P e-cash paper". metzdowd.com. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "CFTC Statement on Self-Certification of Bitcoin Products by CME, CFE and Cantor Exchange". cftc.gov. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "Bitcoin vs Litecoin Guide". comparebrokers.co. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "Stronger key derivation via sequential memory-hard functions" (PDF). tarsnap.com. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "Litecoin Miner Status". andykellett.com. Archived from the original on 2020-12-05. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "Crypto-Currency Bubble Continues: Litecoin Surpasses Billion Dollar Market Capitalization". forbes.com. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "Litecoin Successfully Activates SegWit". coindesk.com. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "Litecoin price". coinmarketcap.com. Retrieved 2021-08-20.
- ↑ "How Do You Mine Litecoin (LTC)?". investopedia.com. Retrieved 2022-06-20.
- ↑ "What is Litecoin (LTC)? How does it work?". kucoin.com. Retrieved 2022-06-20.
- ↑ "Litecoin Successfully Activates SegWit". coindesk.com. Retrieved 2022-06-20.