German imperiýasy
Mowzuk: German imperiýasy (1871-1914-nji ýyllar aralygynda)
M E ÝI L N A M A
1. German imperiýasynyň döredilmegi. 1871-nji ýylyň konstitusiýasy.
2. XIX asyryň soňky çärýeginde Germaniýanyň içeri we daşary syýasaty.
3. XX asyryň başlarynda Germaniýanyň dünýäni paýlaşmak ugrundaky göreşi.
1871-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 18-inde German korollary, knýazlary, generallary Wersal köşgüniň Aýna zalynda ýygnandylar, ýagny basylyp alnan Fransiýanyň çäklerinde şol ýerde hem German imperiýasynyň döredilýänligi jar edildi, onuň kaýzeri (prezidenti) edilip bolsa Prussiýanyň koroly Wilgelm I bellendi. Şeýlelikde Ýewropanyň syýasy kartasynda özboluşly daşary we içeri syýasatyny kesgitleýän täze uly döwlet emele geldi. German imperiýasynyň döredilmegi, ýagny onuň syýasy we ykdysady taýdan dagynyk döwletleri we şalyklaryň, knýazlyklaryň ýeke-täk milli döwlete birikdirilmegi birnäçe gandöküşikli uruşlaryň başga ýurtlaryň ýerlerini güýç bilen basyp almagyň netijesinde emele geldi. German imperiýasynyň esaslandyrylmagy german halkynyň durmuşynda uly taryhy waka boldy. Täze döwletiň emele gelmegi, täze gatnaşyklaryň ulyp depgin bilen ösmegini, esasan hem senagatyň ösüşini üpjün etdi.
German imperiýasynyň döwlet-syýasy düzümi we ýurtdaky synpy we syýasy güýçleriň gatnaşygy 1871-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 14-de reýhstag tarapyndan tassyk edilen umumy imperiýa konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Bu konstitusiýa esasan 1867-nji ýylyň konstitusiýasynyň kämilleşen görnüşidi. Diýmek ol täze imperiýada has iri we güýçli döwlet bolan Prussiýanyň höküm sürüji ýagdaýyny üpjün edýärdi.
Konstitusiýa boýunça German imperiýasy korollaryň we knýazlaryň ýaranlygy esasynda ýaranlyk döwletini düzýändigi kesgitlenýär.
Imperiýa 25 aýratyn döwletlerden 14-korollyk, 6-beýik gersoglyk, 4-gersoglyk, 8-knýazlyk we 3-erkin şäherlerden ybaratdy.
Şeýle hem Fransiýanyň bölünip alnan Elzas we Lotaringiýa imperiýa ýerleri hökmünde girýärdi. Ýaran döwletleriň her biri özbaşdak kanun çykaryjy edaralar (Landtag) we ýerine ýetiriji edaralar bilen gurşap alyndy.
Imperiýanyň kanun çykaryjy umumymilli edarasy hökmünde german reýhstagy hyzmat edýärdi. Ol ähliumumy deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda saýlanýardy. Onuň kanun çykaryjy hukugy çäklidi. Sebäbi islendik kanunyň taslamasy bundestag kaýzeriň tassyklamagy bilen güýje girýärdi. Soňky 2-si hakykat ýüzünde razylyk ýa-da gadagan etmek hukugyndan peýdalanýardy. Budestag iş ýüzünde ýokary kanun çykaryjy palatasy hökmündedi. Onuň düzümine knýazlyklaryň we erkin şäherleriň wekilleri girýärdi, ýagny Reýhstag ýaly saýlawly däldi.
Täze imperiýanyň başynda kaýzer durýardy, ol bir wagtyň özünde hem Prussiýanyň korolydy. Ondan başga hem kaýzer goşunyň we (flotyň) harby deňiz güýçleriniň ýokary serkerdebaşysydyr. Şeýlelik bilen German imperiýasy belli bir derejede täze görnüşli monarh döwleti emele geldi. Umuman 20 ýyldan gowrak wagt içinde Germaniýada banapartçylyk häkimiýetiniň nemes görnüşli höküm sürdi, onuň başynda-da O.F.Bismark durdy. Imperiýada esasy syýasy güýç hökmünde ýunkerçilik durýardy.
Bismark uly syýasy işgär hökmünde öňe çykyp, ol bir wagtyň özünde häkimiýeti we ýunkerçiligi goldaýardy, sebäbi ol ýurtda täze gatnaşyklaryň çalt ösmeginiň zerurlygyna düşünýärdi. Ol bonapartistik häkimiýetiň özboluşly görnüşini işläp çykardy, şoňa laýyklykda ýurtda güýçli harby höküm we häkimiýetde uly möçberde ýerine ýetiriji gullukçylar.
Bismarçylyk bonapartizm esasynda ýurtda hökümet we ony düzýän ministrlikler ýatyryldy. Ähli ýerine ýetiriji häkimiýet imperiýa kansleriniň elinde jemlenipdi. Ol bir wagtyň özünde daşary işler ministridi. Bismarkyň ýurdy dolandyrmagynyň aýratynlygy ol hem demir ýollaryň, aragatnaşyk ulgamyny (poçta, telefon) millileşdirip, olaryň döwlet eýeçiligine geçmegi, temmäki we aragyň döwlet ygtyýarlygyna geçmegi. 70-nji ýyllaryň dowamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň birnäçesi, mysal üçin: daşary işler (1871), demir ýollar (1879) we ş.m.
German imperiýasynda syýasy partiýalar hem emele gelip başlady. 1878-nji ýylda nemes konserwatorlar partiýasy döredildi. Milli-liberal partiýasy iri işewür adamlaryň partiýasydyr. 70-nji ýylyň ahyryna çenli ol Bismarkyň parlamentde daýanjy bolup durýardy.
German imperiýasynyň döredilmegi onda täze gatnaşyklaryň ösmegi üçin amatly şertler döretdi. Ol gaty çaltlyk bilen agrar ýurtlaryndan industrial ýurda öwrülýärdi. Hökümetiniň ykdysady syýasaty ýurduň öndüriji güýçleriniň ösmegine kömek etdi. Elzas-Lotaringiýa ýerleriniň baý çig maly nemes döwletiniň ykdysady kuwwatyny has ösdürdi. Esasan hem Fransiýa ýeňilenden soň 5 mldr Frank kontribusiýany (pul tölegi) Germaniýa tölemeli edildi. Ol pul öz gezeginde Germaniýanyň ýeke-täk maliýe ulgamyny döretmäge, ýurduň içerki bazaryny ösdürmäge kömek etdi. Bu döwürde Germaniýada senagat öwretmegi tamamlaýar. Ol mysal üçin Angliýa bilen deňeşdireniňde, Germaniýada gysga wagtyň içinde öňdebaryjy tehnologik prosessler önümçilige ornaşdyryldy. Täze açyşlar, täze tehnologiýa, aragatnaşyk tehnika, elektrotehniki pudaga, organiki himiýa ornaşdyryldy.
Umuman senagatyň çalt depgin bilen ösmegi-esasan hem täze döredilen paýdarlar jemgyýetleriň, banklaryň, komplaniýalaryň işjeň hereketi netijededi.
Mysal üçin: Daş kömür çykarmak 1871-nji ýylda 29,4 mln tonna bolan bolsa 1874-nji ýylda şeýle hem 1870-1873-nji ýyllar aralygynda çoýunyň öndürilişi 40%, polat eretmek 80% ösdi.
Şeýle ýagdaýda ýurduň ykdysady we syýasy durmuşynda banklaryň ýagdaýy gowulanýar. Mysal üçin 1873-nji ýylda olaryň sany 73 bolan bolsa kapital 432 mln, 1900-njy ýylda ol 165 ýetdi, 2,8 mltr marka.
Umuman Germaniýada iri kärhanalaryň, kompaniýalaryň döredilmegi bilen ýurduň banklary uly ähmiýete eýe boldy.
Ýurduň içeri syýasatda hökümet bu döwürde birnäçe kanunlar kabul etdi, olar esasan hem imperiýanyň 1-ni we umumy döwlet gullugyna güýçlenmäge gönükdirildi.
Daşary syýasatda 70-80-nji ýýlda Bismarkyň hökümeti Germaniýanyň Ýewropada ornuny pugtalandyrmak ugrunda alada edýärdi. Bu ugurda täze Germaniýa öz öňünde täze ýaranlaryň (soýuzdaşlaryň) ugruna çykdy. Bismark özüne soýuzdaş gözlemegi tä 1890-njy ýyla çenli dowam edýär.
1872-1873-nji ýylda ol Wena bilen Peterburgyň arasynda gowy diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy başarýar. 1873-nji ýylyň Oguz aýynyň 6-syna Wenanyň eteginde (Şýonburn) Russiýa we Awstro-Wengriýanyň hökümdarlygynyň arasynda şertnama baglaşýar. Garaşsyzlyk aýynyň 23-de oňa Germaniýanyň kaýzeri Wilgelm I goşulýar. Emma German rus gatnaşyklary uly gapma garşylykdan dolydy.
Şeýlelik bilen 70-80-nji ýylyň sepgidinde 3-ler soýuzy döreýär. Ilki 1879-njy ýylda awstro-german soýuz şertnamasy, 1882-nji ýylda bolsa German, Awstro-Wenger, Italiýanyň arasynda şertnama baglaşylyp, ol taryhda 3-ler soýuzy ady bilen belli.
XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gapma garşylyklaryndan peýdalanyp Bismark Germaniýanyň halkara Ýagdaýyny putgalandyrmagy başarýar. 70-80-nji ýylda Germaniýa baknalyk edinmeklik hereketine başlaýar.
Ilki bilen 1884-nji ýylda Kameruny eýeledi. Bu günorta Afrikada German böleginiň emele gelendigini aňladýar. Soň Marşal adalary Täze Gwineýanyň 1 bölegi eýelenipdi. Ondan soň 90-njy ýyllarda Germaniýa Hytaýyň birnäçe ýerlerini basyp aldy, Korolin, Marian adalaryna eýeçilik etdi, Samaony basyp aldy. Umuman XIX asyryň ahyrynda Germaniýanyň daşary syýasaty esasan hem harbylaşmak we basyp almak hereketine gönükdirilipdi.
XX asyryň başynda dünýä ýurtlaryň iň şägirtleriniň 1-ne öwrüldi. Käbir syýasatçylaryň belleýşi ýaly ol dürli çökgünliklerden we sosial gapma garşylyklardan daşlaşdy.
Iňlis, fransuz monopol senagatynyň ösüşine seredeniňde german senagaty uly depgin bilen ösýärdi. Mysal üçin Dünýä senagat önümçiliginde Germaniýanyň paýy 1870-nji ýylda 13% bolsa, 1913-nji ýylda ol 16% ýetdi. Angliýa 1870-32%, 1913-nji ýylda 14%; Fransiýa 10%; 6%. ABŞ emma 23%, 36% boldy. Nämäň esasynda ilki bilen senagatynda işleýänleriň sanynyň artmagy 1882-5,9 mln ilki bilen ykdysadyýetde özgerişler 10,9 mln. germaniýanyň umumy ilatynyň köpelmegi 1890-njy ýylda 49,4 mln bolsa 1914-nji ýylda 67,8 mln adam boldy. Ilatyň köpelmegi esasy hem Germaniýanyň demirgazyk ýerlerinde duýulýardy, sebäbi ol ýerler senagat taýdan ösendi.
Germaniýada XX asyryň başlarynda senagatyň aýry-aýry pudaklarynda iri birleşmeler, sindikatlar emele gelärdi. Mysal üçin: Eger 1897-nji ýylda demir magdan taýdan işleýän kärhananyň sany 5 bolan bolsa 1904-nji ýylda olar birleşip çoýunguýujy sindikata öwrüldiler.
Hat-da 1912-nji ýylda Germaniýa ähli çoýun erediji sindikatlar birleşip çoýunguýujy bileleşigi (soýuzy) döredýärdiler.
Şeýle hereket kömür gazyp çykarmak pudagynda-da bolup geçdi. Mysal üçin 1893-nji ýylda Reýn-Wesfol kömür sindikaty ýurtdaky umumy öndürilýän kömüriň 98% eýeçilik edýärler.
XX asyryň başlarynda dünýäni täzeden paýlaşmak ugrundaky göreşe başlan Germaniýadadyr. Bu döwürde esasan iňlis-german gapma-garşylygy güýçlenýär. (Balkanlar ýakyn gündogar) Afrika we Aziýa. Mysal üçin Germaniýa 19 asyryň ahyrlaryna çenli gury ýer goşunly ýurt bolan bolsa, XX asyryň başynda harby deňiz flotyny gurmak barada karar kabul edýär. Kabul edilen kararda 1900 german floty 32 ugurly gämiden, 11 agyr 34 ýeňil kreýser 100 töweregi agyr ýarag, top ýarag daşalan gämilerden ybarat bolmaly. XX asyryň başynda Germaniýa hökümetiniň daşary syýasatynda dünýäni paýlaşmak maksady emele geldi. Ilki bilen olar “parahatçylykly aralaşmak” hereketine başladylar, ýagny Konstantinopol-Bagdad demir ýolunyň taslamasyny durmuşa geçirip başladylar bu hereketde esasy maksat Germaniýanyň Bagdadyň üsti bilen Pars aýlagyna çykmagydy.
Umuman Germaniýanyň XIX asyryň 80-nji ýyllarynda başlan bakna edinmek syýasaty çärýek asyrda uly üstünliklere getirdi. Onuň bakna eýeçiliginiň umumy meýdany 3 mln inedördül km, ilaty 12 mln gowrak adam. Emma bu hem azdy. Şonuň üçin XX asyryň 1-nji 10 ýyllygynda dünýäde 2 sany iri harby syýasy topar emele geldi.
Germaniýanyň agyr senagatynda Adolf fon Ganzeman, Emil Kirdorf, Alfred Krupp, Emil Ratenan, Gudo Stines, Awgust Pissen we ş.m. iri firmalaryň we banklaryň wekilleri möhüm orunlary eýeledi. Olar iri kärhanalaryň, banklaryň eýeleridi, şonuň üçin hem XX asyryň başynda olar german ykdysadyýetiniň maliýe ulgamynyň esasy eýeleri bolup ýetişdiler.
Şeýle şertlerde Germaniýa daşary ýurtlara kapital çykarmaga başlady Inwestisiýa ýa-da maliýe goýumlary gysga wagtyň içinde 1900-1907-nji ýyllar aralygynda Germaniýa Awstro-Wenger, Russiýa, Lýuksemburg, Skandinaw ýurtlarynda Golland, Belgiýa, Turkiýa, Balkanlarda himiýa senagatynyň kärhanalaryny, gämi gurluşygy, sink, mis, demir magdan kärhanalar gurdular.
Täze şertlerde oba hojalygynda-da iri kapitalyň ornaşmagy duýulýardy. Mysal üçin 1891-nji ýylda Germaniýanyň 17 sany iri mülkdarlaryna 274 hususy mülk, umumy meýdany 140 müň gektar ýerden ybarat.
Umuman aýdanyňda XX asyryň başynda Germaniýanyň senagaty hem oba hojalygy hem doly derejede iri baý işewür adamlaryň elinde jemlenipdi.
1900-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 18-de Germaniýanyň täze kansleri edilip graf Berngard fon Býulow bellenýär (şoňa çenli Gogenloe) .