Gökdepe urşy
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Gökdepe söweşi | |||||
---|---|---|---|---|---|
| |||||
Taraplar | |||||
Güýçler | |||||
Ýitgiler |
Gökdepe söweşi, (rus. Аха́л-теки́нская экспеди́ция) 1881-nji ýylda Aşgabadyň 46 km demirgazygynda Gökdepede, Patyşa Russiýasy we Türkmenleriň arasynda geçen bir söweş. Türkmenleriň hemme erkinliginiň alynan söweşidir.
Garrygala söweşinden, Sarahs söweşinden, Mary söweşinden soň, 1879-njy ýylda Rus imperiýasy Ahalyň ýerlerini basyp almak üçin "Birinji Ahal-teke ekspedisiýasy" başlatýar. Bu ýörişe general Nikolaý Lomakin bellenilýär.
Lomakin bu uruşda ýeňilenden soň 1881-nji ýylda General Skobelewiň baştutanlygyndaky goşun türkmenleri Gökdepede ýeňlişe sezewar edýär.
Taryh
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmenleriň XVII-XVIII asyrlarda merkezleşen döwleti bolmansoň "Hanlyk" häkimiýeti bilen ýaşapdyrlar. Şo sebäpli türkmenlere Hywa hanlygy, Eýrandan, Buhara hanlygyndan yzygyderli çozuşlar bolup durypdyr. Türkmenler esasy Hywa hanlygy bilen köp urşupdyrlar. Yzygyderlikli bu uruşlar dowam edip durka güýçlenip gelýän Rus imperiýasy Merkezi Aziýa girip başlaýar. Ruslar ilki bilen Gazagystan topraklaryny basyp alyp başlaýar. Soñ bolsa Kokand hanlygyny, Buhara hanlygyny we Hywa hanlygyny eýeleýär. Ahaly basyp almak üçin 1879-nji ýylda general Lomakin bellenilýär.
Birinji Ahal-teke ekspedisiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]1879-nji ýylda 11 müňlük goşun bilen general Lomakin Ahala gelýär. Bu boljak hereket "Birinji Ahal-teke ekspedisiyasy" diýlip atlandyrylypdyr. General Nikolaý Lomakin bu uruşda türkmenlerden ýeňilip yza çekilýär.
Bu şowsuz ýörişden soň Rus imperiýasy, birinjide goýberen ýalňyşlaryny ikinjä tejribe hökmünde dökýär.
Nurberdi hanyň Berdimyrat atly ogly birinji uruşda wepat bolýar. Nurberdi hanyň özi hem ikinji Gökdepe uruşy başlamanka aradan çykýar.
Maglumat
[düzet | çeşmäni düzet]1880-nji ýylyň başynda Ahaly basyp almak üçin general Mihail Skobelew bellenýär.
Şol wagt Nurberdi han ýaraman ýatan eken. Şondada gyssagly maslahat geçirýär. Maslahatda Ahalyň halky Gökdepe galasyna ýygnamaly edilýär. Şundan soňra Nurberdi han ýogalandan soň onuñ ogly Magtymguly, bütin Ahalyň hany diýip bellenilýär. Ol ýaş bolany üçin ýanynda Dykma Serdar wezirliginde bolupdyr.
Galanyň daşy berkidilipdir. Ahalda şo wagtlar 80-90 müň teke ýaşaýardy. Türkmenler şol wagt goňşy döwletler tarapyndan şo ýeriň uruşjaň halky hasap edilýär eken. Gökdepe galasynyñ içinde 20-25 müň goraýjysy bilen birlikde 45 müň adam gelindir.
Marydan goşun gelmegi
[düzet | çeşmäni düzet]Rus goşununyň ýoluny kesmek üçin Dykma Serdar bilen Gulbatyr han goşunyň üstüne çozupdyrlar.
Şol gün Berkeli hanyň baştutanlygynda Marydan 800-den gowrak atly Gökdepä kömege gelipdir. Olar hem ruslaryň üstüne dökülipdir. Olarda diňe 4-5 müñ tüpeň bar eken. Ahal türkmenleri Hywa we Mary türkmenlerinden kömek sorapdyrlar.
urus
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmenler duşmana çozsalaram sähel çozuşlarda-da gaty köp adam ýitiripdirler. Sebäbi duşman agyr ýaraglydy, türkmenler bolsa gylyç, naýza, pyçak ýaly ýaraglar bilen çozýarlardy we bulam intek duşmana ýetmän ölmelerine sebäp bolýardy. Türkmenler garpyşmana ökdedi, şo sebäpli ruslar olary ýanyna ýetirmän öldürýälerdi. Türkmenler elleri sowuk ýaragly esasy gije çozuş edipdirler. Jemi 3 gezek gije çozupdyrlar.
Türkmenler birinji gezek gije çozanlarynda 4 müň, ikinji gezek çozanlarynda 6 müň, üçünji gezek çozanlarynda 12 müň adam gatnaşypdyr. Birinji çozuşdan so ruslar olaryň gije çozýandyklaryny bilipdir we garşy taýynlyk görüpdirler. Şo sebäpli ikinji gezek çozanlarynda çozuş şowsuz bolupdyr, 100-lerçe adamyň jesedi söweş meýdanynda galypdyr.
1880-nji ýylyň 23-nji dekabrynda gala top okuna tutulyp başlapdyr.
12-nji ýanwara çenli Skobelew 4788 pyýada goşuny, 1043 atlyny, 1068 artilleriýany, 58 top, 5 top we 16 minomýot bilen jemi 6899 adamy jemledi.
Galanyň synmagy - Halkyň gyrylmagy
[düzet | çeşmäni düzet]Gala 23 gün top okuna tutuldy. 24-nji gün gala syndy, 25 müň adamyň goramagyna garamazdan gala ele geçirildi. Gaty güýçli goranyş bilen garşylaşan ruslar, ýer gazyp galanyň aşagyna 1160 kg mina goýdular. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda gaty uly partlama boldy. Bu partlamada ýykylan galanyň içine ruslar çozdy. 200-300 türkmen esger partlama wagtynda öldürüldi.
Galanyň içine giren ruslar, aljyrap gaçmak bilen bolan galanyň ýaşaýjylaryny gyryp öldürip başladylar. Goragsyz galan galadan 40 müň adam çöle tarap gaçdylar. Ýaşaýjylardan we esgerlerden 8 müň adam gaçdy, 6500 kişi bolsa galanyñ içinde öldürildi. Ruslardan diňe 669 esger ölüp 398 esgerem ýaralandy.
Skobolew Türkmenleri ýigrenýärdi, ol bir hatynda şeý diýipdi :
"Tekeler ýer kartasynda bir gara nokat, we o gara nokat pozylmaly" diýipdi. Şol sebäpli onuň ençeme günäsiz adamy öldürendigi aýdylýar. Türkmenlerden jemi 30 müň adam öldürildi. Ruslardan bolsa hassalar bilen birlikde jemi 1104 adam öldi.
Häzirki döwürde täsiri
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmenler Gökdepe galanyň söweşijilerini we halkyny gahryman yglan etdi we her ýylyň 12-nji ýanwarynda olary hatyralanýan gün.
Şeýlede seret
[düzet | çeşmäni düzet]Salgylanma
[düzet | çeşmäni düzet]http://gollanma.com/gokdepe-sowesi.html
http://casp-geo.ru/poslednyaya-bitva-generala-skobeleva-2/
Bu askeriye taryh we urşy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |