Mazmuna geçiň

Brusellýoz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bruselloz (lat. brucellosis) – zoonoz (haýwanlaryň üsti bilen geçýän) ýokançly kesel bolup, süňkleriň, myşsalaryň, nerw we jynsy ulgamyň şikeslenmegi bilen geçýändir hem-de bedeniň umumy zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Brusellozy döredijiler togalak ýa-da taýajyk görnüşli brusellalar bolup, olaryň esasan 6 görnüşi bellidir. Adamda keselçiligi döretmekde, ownuk şahly mallarda brusellozy dörediji – Brusella melitasis ýokançlygynyň orny uludyr. Ol keseliň agyr görnüşini döredip, onuň giňden ýaýramagyna sebäp bolup bilýandir.

Brusellozyň iri şahly mallaryň (B. abortus) we doňuzlaryň (B. suis) brusellalary bilen döredilmegi, keseliň onçakly bir ýaýramagyna getirýän däldir we olar ýeňil görnüşde geçýändir.

Bruselloza halk arasynda "mal keseli" hem diýilýär, sebäbi bu ýokançlygy ownuk we iri şahly mallar, doňuzlar, gaty seýrek ýagdaýda bolsa sugunlar, düýeler, itler we pişikler ýaýradyp, keseliň köpelme çeşmesi bolup bilerler. Mallarda kesel düwünçegiň düşmegi, seýrek ýagdaýlarda ýatgynyň, süýt mäzleriniň, ýumurtgajygyň sowuklamagy, bogunlaryň we olary birleşdiriji dokumalaryň zeperlenmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler. Mallarda kesel gizlin dörnüşde, hiç hili alamatsyz hem geçip bilýändir, ýöne olar köp ýyllaryň dowamynda bruselloz göterip gezýändirler. Süýdüň, peşewiň, nejesatyň, düşen düwünçegiň we onuň ýan suwlarynyň, ýatgydan bölünip çykmalaryň üsti bilen brusellalar ýataga, topraga, iým galyndylaryna we başga zatlara düşüp bilerler.

Adamyň bedenine brusellalar dem alyş we iýmit siňdiriş agzalaryň nemli bardasynyň üsti bilen, şonuň ýaly-da şikeslenen deri (deri soýuklary, ýaralary, dyrçanaklar) arkaly düşüp biler. Adama bruselloz keselli maldan alnan çig süýt we ondan taýynlanan önümleri (mesge, dorog, peýnir) kabul edende ýokuşyp bilýändir. Ýokuşma deri we ýüňi täzeden işleme bilen bagly önümçilikde, şonuň ýaly-da keselli mallara ideg edilende, olaryň bölünip çykmalary bilen hapalanan zatlaryň üsti bilen hem bolup biler. Köplenç bu kesel bilen sygyr sagyjylar, çopanlar, weterinar gullugynyň işgärlari we zootehnikler keselleýärler.

Bruselloz keseline ýolugan adam ony başgalara ýokuşdyryp bilmeýär.

Bruselloz bilen kesellän aýallarda sag çagalar dogulýandyr. Kesel islendik ýaşda duş gelýändir, ýöne ol 20-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär.

Bruselloz bilen keselçilik ýaz-tomus aýlarynda ýokarlanýar. Bu bolsa şol möwsümde maldarçylaryň mallary köpeltme, gyrkym işlerini alyp baryp, keselli mallar bilen iş salyşýanlygy bilen düşündirilýär. Hususy hojalykda mal saklaýanlaryň arasynda hem keselçilik ýokarydyr.

Keseliň inkubasion döwri 1-3 hepdeden birnäçe aýlara dowam edip bilýändir. Näsagyň bedeniniň gyzgyny 39 C˚ - 40 C˚ galyp, ol 3-7 gün saklanýandyr. Gyzdyrma üşütme we güýçli derleme bilen utgaşýandyr. Bu kesel üçin mahsus we ir ýüze çykýan alamatlaryň biri hem köpsanly ownuk limfa düwünleriň ulalmagydyr. Olar ýumşak bolup, agyrmaýarlar.

Keseliň ýokuşmagy dem alyş ýollary arkaly bolup geçende badam görnüşli mäziň, damagyň, bronhlaryň sowuklamagynyň alamatlary ýüze çykýandyr. Seýrek ýagdaýda öýken sowuklamasy duş gelýär. Näsaglaryň işdäsi pes bolup, agyzlary guraýar, olary teşnelik we içiň gatamagy biynjalyk edýär. Brusellozda bagryň ulalmagy, käwagtlar dalagyň ulalmagy ýüze çykýar. Näsagy myşsalarda, süňklerde, bogunlarda (artalgiýa) döreýän agyrylar biynjalyk edýär. Ol agyrylar soňundan döreýän zeperlenmeleriň alamatydyr. Bedeniň deriasty gatlagynda fibrozitler – gaty we agyryly emele gelmeler döreýär.

Bu kliniki alamatlar aýrylyp hem bilýär, ýöne köp halatlarda keseliň güýjemegi bolup geçip, ýiti gaýtalanýan brusellozyň alamatlary döreýändir. Gyzdyrma tutgaýlary täzeden döräp, 3-6 güne çenli dowam edýär. Gyzdyrma döwründen soň, ol 1-2 aý näsagy biynjalyk etmeýär. Tutgaýlar wagty gyzdyrma 3-7 güne çenli dowam edip, gyzgyn örän ýokary galyp, näsagda tolgunma, keýpiköklük ýagdaýy, ukysyzlyk bolup biler. Gyzdyrmasyz döwürde myşsa gowşaklygy, hereketsizlik, el- aýaklarda agyrylar we sanjylamalar biynjalyk edýändir.

Gyzdyrma döwri bilen deňeşdirlende, gyzdyrmasyz döwürde näsagyň ýagdaýy has hem ýaramaz bolup biler.

Kesel başlanandan 6 aýdan soň, ýiti gaýtalanýan bruselloz dowamly işjeň görnüşe geçýändir.

Bu döwri ýerli zeperlenmeleriň ýüze çykmagy häsiýetlendirýär. Bedeniň gyzgyny 37,5 C˚ - 37,8 C˚ çenli galýar, ýöne köplenç gyzgyn galman hem biler.

Kesel dürli alamatlar utgaşmasy bilen ýüze çykyp, dürli agzalaryň we ulgamlaryň şikeslenmegi bolup biler. Köplenç myşsalaryň, baglaýjy dokumalaryň, bogunlaryň daşky gatlagynyň sowuklamagy görnüşinde direg-hereketlendiriji ulgamyň zeperlenmegi bolup geçýändir.

Birnäçe, esasan hem uly bogunlaryň zeperlenmegi ýüze çykýar. Bruselloz netijesinde köpsanly bogunlaryň sowuklamagy birnäçe hepde, hatda aýlar hem dowam edip biler. Oňurgada, esasan hem bil-türre böleginde güýçli agyrylar, hereketleriň çäkliligini döredýän üýtgemeler ýüze çykyp biler.

Bruselloz nerw ulgamyna hem täsir edip, nerw topbajyklaryň, beýniniň daşky gatlagynyň, görüş we eşidiş nerwiniň sowuklamagyna getirýändir. Erkeklerde we aýallarda jyns agzalaryň sowuklamagy ýüze çykýar. Aýallarda köplenç çaga düwünçegiň düşmegi, wagtyndan öň dogrum ýagdaýlary döreýändir. Erkeklerde jynsy gowşaklyk, aýallarda bolsa, aýbaşy bozulmalary, önelgesizlik duş gelip biler. Uzak wagt dowam edýän gowşaklyk (asteniki sindrom) ruhy gamgynlylyk, huşuň bulaşmagy ýaly ruhy nähoşluk (psihoz) ýagdaýlaryny döredip biler. Köplenç bu ýagdaýlaryň gaýtalanmagy bolup biler.

Çagalarda bruselloz edil uly adamlarda geçişi ýaly geçýändir. Çagalaryň limfa, nerw, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamy bruselloz ýokançlygyna has duýgurdyr. Olarda hem iýmit siňdiriş ulgamyň bozulmagy, içege sowuklamalary, bogunlaryň töweregindäki dokumalaryň zeperlenmegi, köpsanly örgünler ýaly alamatlar bolup biler. Ýöne çagalarda bogunlaryň dowamly sowuklamasy we hereketsizlenmegi örän seýrek duş gelýärdir.

Keseli anyklamak üçin ganyň bakteriologiki barlagy, sünk ýiliginiň we düwünleriň punksiýasy (agzany deşip barlag üçin çig mal almak) ýaly çäreler ulanylýar. Anyklaýyş çärelerinde Raýtyň, Haddsonyň, Kumbsuň reaksiýalary ýaly serologiki usullar hem giňden ulanylýar. Soňky ýyllarda immunoferment seljermesi giňden ulanylyp başlady. Süňkleriň we bogunlaryň, oňurganyň şikeslenme derejesi rentgen barlagy arkaly anyklanylýar.

Ýiti brusellozda we dowamly brusellozyň ýitileşme ýagdaýynda näsaglar keselhana ýerleşdirilýändir. Brusellozyň bejergisi keseliň görnüşine görä bellenilýändir.

Ýiti döwründe adaty antibiotikler (tetrasiklin, doksisiklin, rifampisin, lewomisetin, seýrek ýagdaýlarda streptomisin) berilýär. Bejergi 10-12 gün dowam edýändir. Ondan başga-da, antigistamin, rahatlandyryjy serişdeler, C we B toparyň witaminleri ulanylýar. Nerw ulgamynyň we köpsanly bogunlaryň zeperlenmesinde kortikosteroid serişdeleri (prednizalon, deksametazon) antibiotikler bilen utgaşmada bellenilýär. Bejergide 4-aminohinolin hatarynyň serişdeleri (delagil ýa-da hlorohin) we indometasin, brufen, ibubrufen hem ulanylýar.

Bogunlaryň zeperlenmeginde fizioemleri (UWÇ bejergi, ultramelewşe şöhleler, elektrofarez, ultrases usullary) giňden ulanylýar. Näsag sanator-kurort bejergisine, keseliň ýiti döwri geçenden 3 aýdan az bolmadyk wagtdan soň ugradylýandyr. Suw, palçyk ýaly tebigy faktorlar, esasan, brusellozyň bedende galdyran zeperlenmesiniň bejergisi üçin ulanylýar.

Brusellozyň wagtynda we doly bejerilmegi sagalma getirip biler. Ýöne direg-dikeldiş ulgamynyň zeperlenmegi zähmete ukyplylyk ýagdaýyny juda peseldip bilýändir.

Brusellozyň öňüni almak weterinar-sanitar, lukmançylyk we hojalyk çäreler toplumy öz içine alýar:

  • Mallaryň arasynda bruselloz bilen keselçiligi ýok etmek;
  • Iýmit önümlerini (süýdi gaýnatmak ýa-da pasterizasiýa geçmek) we maldarçylyk önümleri zyýansyzlandyrmak;
  • Mallar we maldarçylyk önümleri bilen iş salyşýan işgärlere bruselloza garşy öňüni alyş sanjymlary etmek;
  • Maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlar ýörite gorag egin-eşikleri geýip, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanyp bilmelidirler.

Ýürek, böwrek keselli, inçekeselli, guryagyryly adamlara, ýetginjeklere, göwrelilere mallara seretmek rugsat berilmeýär. Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek hem bruselloz bilen keselçiligi peseldip biler.