Örtüji dokuma
Örtüji dokumalar bedeni daş ýüzünden örtüp durýar we deriniň ýokarky gatlagyny emele getirýär. Içki synalaryň we boşluklarynyň şirelije bardalary hem örtüji dokumadan durýar. Bu dokumanyň aýratynlygy, onuň öýjükleriniň biri-birine jebis ýerleşmegidir we öýjügara maddasynyň örän azlygydyr.
Örtüji dokumalaryň bir görnüşi gorag, beýlekisi bölüp çykaryş işlerini ýerine ýetirýär, üçünjisi bolsa iýmit maddalarynyň sorulmak hadysasyna gatnaşýar. Köp gatlakly, dykyz deri örtüji dokuma aşagynda ýerleşen synalary zaýalanmakdan we mikroplaryň düşmeginden goraýar. Deri örtüji dokumanyň öýjükleri daşky gurşawyň zyýanly täsirine ýygy-ýygydan sezewar bolýarlar. Şonuň üçin hem olar ölýärler. Bu dokumanyň öýjükleri tiz köpelmäge ukyplydyrlar. Şeýlelikde, ölen öýjükleriň öwezi täze emele gelen öýjükler bilen doldurylýar.