Mazmuna geçiň

Wenesuelanyň taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Wenesuelanyň taryhy - Boliwar Wenesuela Respublikasynyň taryhy

1498-nji ýylda ýewropalylar Wenesuela aralaşýarlar. 1499-njy ýylda Alonso de Oheda Marakaýbo kölüni tapyp, bu ýurdy Wenesuela – “Kiçijik Wenesiýa” diýip atlandyrýar.

1520-nji ýyllarda bolsa ýurduň köp bölegi ýewropalylar tarapyndan koloniýalaşdyrylýar.

Wenesuelanyň häzirki ýerleşýän ýeri tä VIII asyra çenli Peru şalygynyň golastynda ekeni. Ýurduň ýokary indendant gullugy 1783-nji ýylda döredilýär. 1821-nji ýylda Wenesuela azat edijilik urşunyň netijesinde Beýik Kolimbiýanyň düzüminde garaşsyzlygyny gazanýar. 1829-njy ýylda bolsa Wenesuela federasiýanyň düzüminden çykyp, garaşsyzlygyny yglan edýär.

Şol günden tä XX asyryň ortalaryna çenli ýurdy dürli diktatorlar dolandyrýar. 1953-nji ýylyň 11-nji aprelinde ýurduň täze Konstitusiýasy kabul edilýär. Şol täze Konstitusiýa laýyklykda Wenesuelanyň Birleşen Ştatlary Wenesuela Respublikasy diýlip atlandyrylýar.