Ýunus Emre

Türkmen halk şahyry
Yunus Emre
Doly ady Ýunus Emre
Doglan senesi we ýeri 1238

Siwrihysar // Eskişehir

Aýrylan senesi we ýeri 1321

Ýunusemre, Mihalyçjyk,Eskişehir

Ýaşan döwri XIII-XIV asyr
Ýaşan töwerekleri Kiçi Aziýa
Käri Şahyr, dinçi
Görelde alan şahsyýetleri Jelaleddin Rumy, Hajy Bekdaş weli, Ahy Ewrany weli, Barak Baba, Sary Saltuk, Taptuk Emre, Hoja Ahmet Ýasawy

Men haýsy mertebä aýak bassam, hemişe öňümde bu türkmen gojasynyň yzlaryny görýärin.

Ömri we döredijiligi

düzet

Ýunus Emräniň asly Horasandan Anadola göç eden türkmen Ysmaýyl Hajynyň neberelerinden bolupdyr. Ol, takmynan, 1238-nji ýyllarda Türkiýäniň Siwrihysar welaýatynyň Saryköý diýen obasynda doglup, 1320-nji ýyllarda hem şol ýerlerde aradan çykypdyr. Ýunus Emre, Anadoly Seljuk Döwletiniň dargamaga we dürli ýerlerde uly-kiçi döwletleriň gurulmaga başlanan döwründe dünýä inýär. Ömrüniň köp bölegini häzirki Ankaranyň Nallyhan etrabynda (Taptuk Emre dergähinde) geçirýär.

Türkmen okyjylarynyň Ýunus Emräniň döredijiligi bilen tanyşlygy, esasan, Garaşsyzlyk ýyllarymyzda başlandy. Onuň eserleri ilkinji gezek 1991-nji ýylda «Güldesse» ady bilen neşir edildi. Türkiýede şahyryň eserleri birnäçe gezek çap edilendir. Olaryň arasynda «Diwan» kitaby Ýunus Emräniň döredijilik meýdanyndaky orny bilen has doly tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýunus Emre XIII asyryň ikinji ýarymynda, XIV asyryň başlarynda türki kowumlaryň arasynda şöhrat gazanyp, beýik mertebelere ýeten ussatdyr. Gürrüňi edilýän döwrüň musulman jemgyýetindäki edebiýaty we çeper döredijilikdäki rowaçlygy, elbetde, ylym bilen baglanyşyksyz göz öňüne getirmek kyn. Ýunus Emräniň hem abraýa, şöhrat-şana ýetmeginiň baş sebäbi onuň ylym bilen sözlänligidir. Baryp, ondan bäş asyr soň ýaşan Magtymguly Pyragynyň: «Kuranda gördügin sözlär tilimiz» diýip aýdyşy ýaly, Ýunus Emräni hem il içinde abraýa-şöhrata ýetiren ilkinji sebäp onuň ylymdan, dinden ýokary derejede bilimli, sowatly bolanlygydyr. Ol özünden öňki geçen akyldarlardan Nyzamynyň, öz döwürdeşleriniň arasynda Jelaleddin Rumydan döredijilik täsirlerini alypdyr.

Goşgulary bilen türki edebiýata täze öwüşgin goşan Ýunus Emre Hoja Ahmet Ýasawynyň döreden şygyrlaryndan hem ylham alypdyr. Ýunus Emre birnäçe wagtlap ýatlanman galsa-da, XX asyrda Ýunus Emräniň goşgulary dünýä ýurtlarynyň arasynda uly abraýa eýe boldy. Hatda 1991-nji ýyl Ýunesko tarapyndan Ýunus Emräniň doglanynyň 750-nji ýyly diýlip atlandyryldy.

Durmuşy

düzet

Ýunus Emre, Seljukly döwletiniň iň bulaşyk döwründe dünýä inýär. Bulaşyklygyň sebäbi şol döwürler döwletiň dürli ýerlerinde gozgalaň turýan we Mongollara hem-de Rim imperiýasyna garşy söweşleriň dowam edýän we gytlyk-guraklygyň höküm sürýän döwürleridi. Türkiýedäki Baýezit döwlet kitaphanasyndaky ýazga görä Ýunus Emräniň 1320-nji ýylda 82-ýaşynda aradan çykanlygy aýdylýar. Şol ýazgydan ugur alnyp, Ýunus Emräniň doglan senesi 1238-nji ýyl diýip çaklanylýar. Doglan ýeri barada hem anyk maglumat bolmasa-da, häzirki Türkiýäniň Eskişehir welaýatynyň

Ýunus Emre ilkiler Hajy Bekdaşy Weliniň dergähinde bolsa-da, Weliniň islegi bilen Taptuk Emre dergähinde ugrap, şol ýerde ýaşapdyr. Bir rowaýata görä Ýunus Emre medreselerde okaman, Taňry mekdebinde bilim alypdyr. Her nähilide bolsa, Ýunus Emräniň şygyrlary hem-de parsça, arapça bilmegi onuň bilim alandygynyň subutnamasydyr. Ýunus Emre Sagdynyň şygyrlaryny türki dile terjime eder. Hem-de Gurhany Kerimi okar eken. Ýunus Emre şygyrlaryna hindi, pars, grek, rim medeniýetini Gurhandan kyssalary, Leýli-Mežnun, Şirin-Perhat ýaly eserleri hem ýerleşdirer eken. Bulardan başga-da ol, Hadyslary, pygamberleriň durmuşyny hem gowy biler eken.

Ýunus Emre käbir şygyrlarynda ilden ile gezip dost gözländigini, Rumda-Şamda özi ýaly garyp ýokdugyny, aşyk bolup ýat illerde mejnun ýaly gezendigini we häzirki Kaýseri, Töwriz, Siwas, Maraş, Bagdat, Nahçiwan, Şiraz şäherlerini we häzirki Azerbaýjany gezenden soň Rumda gyşlap ýaza öz ýurduna gaýdandandygyny aýdýar. Ol 1320-nji ýylda aradan çykýar.

Şygyrlary

düzet

Geliň tanşyk edeliň, Işin aňsat tutalyň, Söýeliň söýüleliň, Dünýä hiç kimsä galmaz.

Ýunus Emre

Bir halk rowaýatyna görä Ýunus Emre 3000 şygyr ýazypdyr, emma Molla Kasym atly biri şerigata garşy diýip şygyrlaryň müňüsini ýakypdyr, müňisini suwa atypdyr, galan müňüsini hem okap otyrka şu sözlere duş gelipdir:

"Derwüş Ýunus bu sözi egri-egri sözleme, Senden bir kem gözleýän Molla Kasymam geler."

Bu sözleri okap Molla Kasym eden işine puşman bolup toba edipdir we Ýunus Emräniň weliligine ynanypdyr. Bu rowaýata görä ýakylan şygyrlary perişdeler, suwa atylan şygyrlary balyklar, galan şygyrlary hem adamlar tarapyndan okalýandyr. Ýunus Emräniň günlerimize ýeten 417 şygyry bolup, olaryň 138 bogun däl, galany bogun sany deňligi bilen ýazylypdyr. Ýunus Emräniň şygyrlarynyň ilkinji gezek bir kitapda haçan toplanandygy bilinemýär, emma, günlerimize ýeten Bursa nusgasy XV asyryň I ýarymyna, Fatyh nusgasy takmynan XV asyra, Nuryosmaniýe nusgasy bolsa, 1540-njy ýylda ýazylypdyr. Ýunus Emre öz şygyrlarynda esasan, dini meseleleri gozgapdyr. Şol döwürdäkileriň çekinýän mowzuklarynda (Jennet, Dowzah, Syrat köprüsi we ş.m) ýazmagy başarypdyr. Ýunus Emräniň şygyrlaryndan başga Rysaletun Nushiýýe atly eseri hem günlerimize ýetip gelipdir.

Aýrylmagy

düzet

Ýunus Emre, öz eserlerinde aýrylan senesiniň häzirki bilinýäne ýakyndygyny tassyklaýar. "Rysaletun Nushiýýe" atly mesnewisini 707 Hijri, 1307-1308 Milady ýylynda ýazandygyny bilýäris. Ýunus Emre bu barada şeýle diýýär:

Söze taryh ýedi ýüz ýedidi, Ýunus jany bu ýolda pedady.

Ýunus Emre şygyrlarynda özüni "şahyrlar gojasy", "bir aşyk goja" diýip suratlandyrypdyr. Bu bolsa, onuň uzyn ömrüniň bolandygyndan habar berýär.

Ýunus Emräniň şygyrlary gadymy türki halklaryň ozanlary tarapyndan aýdym edilip aýdylypdyr. Ondan başga halk mübärek günlerde, Anna günlerinde, Baýram günlerinde, Oraza günlerinde, ölüm-ýitimli günlerde, toý günlerinde onuň şygyrlaryny ýatdan aýdar eken. Ýunus Emräniň öwülýadygyna ýürekden ynanyp onuň kitaplaryny edil mukaddes kitap ýaly deri gaplara salyp saklar ekenler.

Gubury

düzet

Iň köne çeşmeler Ýunus Emräniň guburynyň häzirki Türkiýäniň Siwrihysar ýakynlaryndaky Saryköýde ýa-da beýleki ady bilen Mihalyçjykdadygyny aýdýarlar. Hakykatdan hem 1946-njy ýylyň maý aýynyň 6-synda şol ýerden demir-ýol geçirilýärkä tötänleýin mazar tapylypdyr we süňkler wagtlaýyn mazara geçirilipdir we daşyna haýat aýlanyp, haýatyň gapysyna hem Ýunus Emräniň sözlerinden: "Söýeliň, söýüleliň" hem-de "Hakdan inen şerbeti içdik elhamdulillah" diýen sözler ýazylypdyr. Soňra, alymlar kelleçanagyny alyp, barlag geçirip, bu mazardaky süňkleriň 6 asyr mundan ozal 80 ýaşyndaka aradan çykan erkek adamyňkydygyny aýtdylar. Bu netijeden soň, 1970-nji ýylda süňkler tabyda salynyp, 20 muň sany adam tarapyndan täze gurulan kümmete göçürildi. Alymlaryň köp bölegi Ýunus Emräniň mazarynyň şol ýerdedigini kabul edýärler. Emma, käbir ýerlerde Ýunus Emräniň mazary diýlip görkezilýän kümmetler hem bardyr. Syýahatçy Öwluýä Çelebiniň syýahatnamasynda: "Kirişçi Baba Metjit meýdanynda hezreti Ýunus Emräniň gubury bardyr" diýýär. Soňra guburyň häzirki Türkiýaniň Karaman welaýatyndadygyny ýazýar. Ýunus Emräniň günümüze çenli ýetip gelen nusgalarynda 23 sany ýer-ýurt ady bardyr. Bu nusgalaryň hem 20 sanysy şu wagt Karaman welaýatynyň içindäki ýer-ýurt atlary bilen deňligi Ýunus Emräniň şol ýerde ýaşandygyny belki hem şol ýerde aradan çykandygy ähtimalyny döredýär. Bulardan başga hem Ýunus Emräniň Türkiýe we hatda, Azerbaýjanda birnäçe kümmeti bardyr. ulunmaktadır.

Rysaletun Nushiýýe

düzet

1307-nji ýylda ýazylandygy çaklanylýar. Eser, mesnewi görnüşinde ýazylypdyr we 573 beýtden ybaratdyr. Eser; dini, ahlak barada kitap bolup, "Öwütler kitaby" diýmegi aňladýar.